Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen we türk alymlary bilelikde Magtymguly barada täze kitaby çapa taýýarladylar

14:3727.06.2023
0
44225

Türkiýe Respublikasynyň Pamukkale uniwersitetiniň professory Söner Saglam türkmenistanly alym Rahymmämmet Kürenow bilen bilelikde «Türkmeniň ruhy atasy Magtymguly hakynda rowaýatlar» atly täze kitaby çapa taýýarlady.

Türkiýeli awtor bu barada Aşgabatda, Türki döwletleriň Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçirilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri we Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahatyň barşynda «Türkmenistan» gazetine beren interwýusynda aýtdy.

Professoryň belleýşi ýaly, ol Türkmenistanda soňky gezek 2014-nji ýylda — Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän günlerinde bolupdy. Ol 9 ýyldan soňra bu ýere ýene gelip görýändigine örän şat.

Şeýle-de türkiýeli professor Pamukkale uniwersitetinde türkmen edebiýaty, Magtymguly bilen bagly alnyp barlan we häzirki wagtda amala aşyrylýan işleri öz talyplaryma uly höwes bilen öwredýändigini belleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň