Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Germaniýada Türkmenistanyň Ykdysadyýet güni belleniler

14:4022.06.2023
0
31544

26 — 29-njy iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylygyndaky ýokary derejeli wekiliýet Germaniýada saparda bolar. Bu barada Germaniýanyň Ykdysadyýet komiteti habar berýär.

Döwlet we hususy pudagyň 35 wekili nemes maşyn gurluşykçylary we birleşikleri bilen bilelikde Dýusseldorfda Türkmenistanyň Ykdysadyýet gününi geçirer. Onda, esasan, nebithimiýa, gurluşyk we dokma senagaty boýunça hyzmatdaşlyk ara alyp maslahatlaşylar.

Habar berlişi ýaly, esasy çäre 27-nji iýunda Dýusseldorfyň Işewürler klubunda geçiriler.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzümine Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Döwletgeldi Rejepow, dokma senagaty ministriniň orunbasary Atamyrat Ataýew, «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew, şeýle hem Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Senagat we gurluşyk önümçilik ministrliginiň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň, Döwlet haryt we çig mal biržasynyň wekiller girer.

Işewür wekiliýetiň düzümine «Ak-Bulut», «Mizemez», «Parahat», «Joş», «Ýörite Geýimler», «Galkynan Ykbal», «Geljege Rowan», «Daýanç Plastik», «Batly Gadam», «Berk Gerden», «Altyn Nal», «Uly Ýelken» ýaly kompaniýalaryň ýolbaşçylary we hünärmenleri girer.

Forum Berlinde ýerleşýän German-Türkmen forumynyň, Dýusseldorf Söwda palatasynyň we Demirgazyk Reýn-Westfalýanyň Daşary söwda assosiasiýasynyň goldawy bilen guralar

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň