Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabadyň günortasynda «Aşgabat» diýen ýazgy gurlar

10:0021.06.2023
0
33833

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Aşgabat şäheriniň günorta tarapynda «AŞGABAT» diýen ýazgyny gurnamak we degişli abadanlaşdyryş işlerini ýerine ýetirmek boýunça bäsleşik yglan etdi.

«Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berlişi ýaly, gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary, teklipleri Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem resmileşdirilýär.

Haýyşnamalar Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýynda 2023-nji ýylyň 4-nji awgustyna çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-46-64, 44-46-77.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň