Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ş.Şiriýew: Türkmenistan Aral deňziniň ekoulgamynyň betbagtçylygynyň öňüni almagy maksat edinýär

14:2615.06.2023
0
22825
Ş.Şiriýew: Türkmenistan Aral deňziniň ekoulgamynyň betbagtçylygynyň öňüni almagy maksat edinýär
Surat: newscentralasia.net

Türkmenistan daşky gurşawyň möhüm meselelerini, hususan-da suw diplomatiýasynyň meselelerini çözmegiň çäklerinde dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny utgaşdyrmak üçin möhüm daşary syýasat başlangyçlaryny öňe sürýär. Häzirki wagtda bu ugurda alnyp barylýan işler Aral deňziniň sebitindäki ekoulgamyň betbagtçylygynyň öňüni almaga hem gönükdirilendir diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyndaky Strategik barlaglar boýunça Merkeziniň ýolbaşçysy Şiri Şiriýew «CentralAsia.news» habarlar gullugyna gürrüň berdi.

Ş.Şiriýewiň belleýşi ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa — Ýuwaş ummany sebiti boýunça Ykdysady we durmuş komissiýasynyň (UNESCAP) 79-njy sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen bu Komissiýanyň «Birleşen Milletler Guramasynyň Aral deňziniň howdany boýunça Ýörite Maksatnamasynyň döredilmeginiň şertlerine garamak» atly Kararnamasy biragyzdan kabul edildi.

Belläp geçsek, bu resminama 2018-nji ýylyň 24-nji awgustynda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Araly halas etmegiň halkara Gaznasynyň esaslandyryjy ýurtlarynyň döwlet baştutanlarynyň Sammitiniň, şeýle hem BMG-niň Aral deňziniň howdany boýunça ýörite maksatnamasynyň döredilmegi boýunça geçirilen bilermenler duşuşyklarynyň netijelerini öz içine alýar.

Ilatyň köpelmegi, şäherleşme, ýerleriň işjeň özleşdirilmegi, suw howdanynyň suw akabalarynda iri gidrotehniki desgalaryň we suwaryş desgalarynyň gurluşygy Aral deňziniň guramagynyň esasy faktorlary hökmünde görkezilýär.

Alymlar we hünärmenleriň bellemegine görä, Aral deňzini doly dikeltmek babatda Amyderýadan we Syrderýadan gelýän suwuň mukdaryny köpeltmek maksadalaýyk hasaplanýar. Bu bolsa öz gezeginde uly maliýe çykdajylaryny talap edýär. Şeýle-de häzirki wagtda deňziň ekologiýasyny gowulandyrmak, onuň sebitiň ýaşaýjylaryna ýaramaz täsirini azaltmak hem möhüm mesele hasaplanylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň