Turkmenportal logo
11.06.23
3366333663
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň milli ýygyndysy CAFA Nation's Cup-2023-iň Täjigistana garşy oýnunda deňme-deň oýnady
Türkmenistanyň milli ýygyndysy CAFA Nation's Cup-2023-iň Täjigistana garşy oýnunda deňme-deň oýnady

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy CAFA Nation's Cup-2023-iň «A» toparçasynyň deslapky oýnunda Täjigistanyň ýygyndysy bilen deňme-deň oýnady.


Daşkentdäki «Pahtakor» stadionynda bolan oýun 1:1 hasabynda tamamlandy.


57-nji minutda «Altyn Asyryň» hüjümçisi Myrat Annaýew hasaby açdy. Täjigistanyň milli ýygyndysynyň oýunçylary 87-nji minutda hasaby deňlediler.


Türkmenistanyň milli ýygyndysy indiki duşuşygyny 14-nji iýunda Özbegistanyň ýygyndy topary bilen geçirer.


Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň CAFA Nations Cup 2023-de geçirjek oýunlarynyň senenamasy:


11-nji iýun (ýekşenbe)


18:30 / Täjigistan – Türkmenistan, «Pahtakor» stadiony — 1:1


14-nji iýun (çarşenbe)


20:30 / Türkmenistan – Özbegistan, «Bunýodkor» stadiony


17-nji iýun (şenbe)


18:30 / Türkmenistan – Oman, «Pahtakor» stadiony