Turkmenportal logo
08.06.23
7470174701
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Şu gün Wengriýanyň Premýer-ministriniň Aşgabada sapary başlanýar
Şu gün Wengriýanyň Premýer-ministriniň Aşgabada sapary başlanýar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça şu gün Wengriýanyň Prmeýer-ministri Wiktor Orbanyň Türkmenistana resmi sapary başlanýar. Bu barada Premýer-ministriň Metbugat gullugy habar berýär.


Bellenilişi ýaly, Wengriýanyň wekiliýetiniň arasynda daşary işler we söwda, medeniýet we innowasiýa, energetika we ykdysady ösüş ministrleri bar.


Şu gün, saparynyň birinji güni Wiktor Orban Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşar.


9-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýokary derejeli wenger wekiliýetini kabul eder, ikiçäk we giňeldilen düzümdäki türkmen-wenger gepleşikleri geçiriler. Gepleşikleriň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilmegine garaşylýar.


Ozal Wiktor Orbanyň Türkmenistana sapar bilen geljekdigini habar beripdik.