Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi

16:1901.06.2023
0
24415

31-nji maýda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň uly mejlisler zalynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan aýdym-sazly Döredijilik duşuşygy geçirildi. Çäräniň dowamynda uniwersitetiň foýesynda türkmen taryhyny wasp etýän sergi guraldy.

Dabara gatnaşyjylaryň arasynda şahyr Aşyrmät Garlyýew Magtymguly Pyraga bagyş eden goşgularyny okap berdi, aýdymçy Çynar Annamyradowa bolsa Pyragynyň setirleri esasynda düzülen aýdymy ýerine ýetirdi. Duşuşykda Kerim Hallyýewiň «Magtymgulynyň setirlerinde tapdym» diýen eseri gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

Şeýle hem duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň bilim ministrliginiň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen bilelikde gurnamagyndaky ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryň arasyndaky «Dana Pyragy we gözel türkmen tebigaty» atly fotožurnalistika bäsleşiginiň jemleri jemlendi we ýeňijileriň baýraklary gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň