Turkmenportal logo
29.05.23
3655636556
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Futzal boýunça Aziýanyň kubogy ― 2024-iň saýlama tapgyrynyň bijeleriniň haçan çekiljekdigi belli boldy

Futzal boýunça 2024-nji ýylda geçiriljek Aziýanyň kubogynyň saýlama tapgyrynyň bijeleri 22-nji iýun güni AFK-nyň Kuala-Lumpur şäherindäki ştab-kwartirasynda çekiler.


Bije çekişlik şol gün Aşgabat wagty bilen sagat 12-de başlanar. Bu barada Täjigistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.


Bije çekişlige 31 ýygyndy gatnaşyp, olar 8 toparça bölünerler. Her toparçanyň ýeňijisi we toparçalarda ikinji orny eýelän ýygyndylaryň 7-si ýaryşyň final tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanar.


AFK saýlama duşuşyklary kabul etjekler hökmünde 8 döwleti saýlady. Olar Täjigistan, Özbegistan, Gyrgyzystan, Bahreýn, Taýwan, Indoneziýa, Mongoliýa we Taýlanddyr. Duşuşyklar şu ýylyň 7 ― 11-nji oktýabry aralygynda geçiriler.


Saýlama tapgyra Türkmenistanyň futzal ýygyndysynyň hem gatnaşjakdygyny ýatladýarys.