Soňky habarlar

Arhiw

Bill Geýts ýakyn geljekde «Google» gözleýjisiniň ornunyň çalşyljakdygyny çaklady

08:0527.05.2023
0
18165
Bill Geýts ýakyn geljekde «Google» gözleýjisiniň ornunyň çalşyljakdygyny çaklady
Surat: gazeta.ru

«Microsoft» korporasiýasyny esaslandyryjylaryň biri Bill Geýts emeli aň ulgamynda iň oňat kompaniýanyň adamlar üçin meseleleri çözýän hususy sanly wekili döredip, beýleki hyzmat gulluklaryny çalyşjakdygyny aýtdy. Ol bu barada San-Fransiskoda «Goldman Sachs» we «SV Angel» kompaniýalarynyň guramagynda emeli aňa bagyşlanan maslahatda çykyşynda gürrüň berdi diýip, CNBC teleýaýlymyna salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.

«Şeýle şahsy wekili kimiň döretjekdigine garamazdan, ol yhlas edeniňe degýän tehnologiýadyr, sebäbi siz gaýdyp «Google» ýaly gözleýjä ýa-da «Amazona» girmersiňiz» diýip, Geýts nygtady.

Milliarderiň pikiriçe, indi işläp düzmeli emeli aňly kömekçi adamyň islegleridir endiklerine düşünip, oňa ähli zerur habarlary almaga kömek eder. Bu tehnologiýany döretmekde ýa startaplaryň biri, ýa-da tehnologik kompaniýa ýeňiji bolup biler.

«Men eger Microsoft bu ýeri eýelemese, gynanaryn» diýip, işewür sözüniň üstüne goşdy.

Geýts emeli aňly sanly wekiliň köpçülikleýin ulanylyşa goýberilmegi üçin biraz wagt gerek boljakdygyny aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň