Şu ýylda Russiýanyň «Döwletfilmgaznasy» 40 sany filmi, şol sanda Fýodor Şalýapiniň we Sergeý Eýzenşteýniň ýubileý toýy bilen baglylykda, meşhur «Çapaýew» hem-de «Razwedkaçynyň gahrymançylygy» atly nusgawy filmleri sanlylaşdyrar.
Bu barada ýurduň medeniýet ministri Olga Lýubimowa habar berdi diýip, «MIR 24» ýazýar.
Ministriň sözlerine görä, bu filmleri sanlylaşdyrmak baradaky karara hünärmenleriň geňeşinde gelindi. Hünärmenler Fýodor Şalýapiniň doglan gününiň 150 ýyllygyna, Wera Holodnoýyň 130 ýyllygyna we Sergeý Eýzenşteýniň 125 ýyllygyna gabatlap, filmleri sanlylaşdyrmak bilen meşgullanarlar.
Olaryň arasynda ady agzalan filmlerden başga-da «Salam we hoş gal» filmi, şeýle hem «Ýaş gwardiýa» filminiň ikinji bölümi bar.
Lýubimowa «Döwletfilmgaznasynyň» baş maksadynyň milli kino senagatyň eserlerini aýawly saklamakdan ybaratdygyny nygtady.
Öň tanymal rus kinorežissýory Leonid Gaýdaýyň ähli filminiň «Mosfilm» kinostudiýasynda sanly ölçege geçirilendigi habar berlipdi.