Turkmenportal logo
26.05.23
1686816868
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hytaý Türkmenistanyň üsti bilen Ýewropanyň bazarlaryna haryt ibermegi meýilleşdirýär
Hytaý Türkmenistanyň üsti bilen Ýewropanyň bazarlaryna haryt ibermegi meýilleşdirýär

Ýakynda Täjigistanyň we Hytaýyň Ulag ministrlikleriniň arasyndaky Hyzmatdaşlyk Ähtnamasyna gol çekildi. Resminama laýyklykda,


Täjigistan bilen Hytaý Kulma-Karosu serhet gözegçilik nokadynyň gurluşygy we durkuny täzelemek taslamasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça ylalaşdylar. Bu barada Täjigistanyň Ulag ministrligine salgylanyp, «Trend» habar berdi.


Ministrligiň habaryna görä, taraplar Kulma-Karosu serhet gözegçilik nokadyndan başga-da, Duşanbe — Kulýab — Darwaz — Murgab — Kulma ugry boýunça halkara awtoulag ýolunyň gurluşygy we durkuny täzelemek boýunça hyzmatdaşlyga başlamak kararyna geldiler. Şunuň bilen baglylykda, Kulýab şäherinde ulag we logistika merkezini işjeňleşdirmek we ösdürmek meýilleşdirilýär.


Hytaý — Täjigistan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe multimodal ulag geçelgesiniň ilkibaşda Hytaýdan Täjigistanyň bäş erkin ykdysady zolagynyň biri bolan Kulýab şäherine haryt daşamagyna garaşylýar. Şol ýerden harytlar Türkmenistan, Özbegistan, Eýran, Türkiýe arkaly Ýewropa ýurtlaryna iberiler.