Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana eksport edýän tebigy gazynyň möçberini 2 esse artdyrdy

16:0221.05.2023
0
20896

Türkmenistan Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana iberilýän tebigy gazyň möçberini artdyrýar. Bu barada Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň direktory Hosseýn-Ali Mohammad-Hosseininiň sözlerine salgylanyp, eýranyň internet neşiri habar berýär.

«SWOP şertnamasy esasynda Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana ugradylýan tebigy gazyň mukdary iki esse artdy. Şertnama laýyklykda, ilkibada ýyllyk 2 milliard kub metre çenli mawy ýangyjyň Azerbaýjana iberilmegi ylalaşylypdy. Soňra bu möçberi iki esse artdyrmak barada karara gelindi» diýip, Hosseýn-ali Mohammad-Hosseini mälim etdi.

Ýeri gelende bellesek, sebitiň energetika bazarynda esasy döwletleriň biri bolan Türkmenistan 2022-nji ýylyň başyndan bäri Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana tebigy gazy eksport edýär.

SWOP şertnamasyna görä, Eýran Türkmenistanyň Sarahs welaýaty arkaly türkmen gazyny import edýär hem-de ony içerki zerurlyklar üçin peýdalanýar. Import edilen gazyň ornuna bolsa şol möçberdäki gazy Azerbaýjanyň Astara şäherine iberýär. Bu şertnama esasynda Türkmenistan Azerbaýjana tebigy gazyň eksportyny ýola goýmaga mümkinçilik alýar. Eýran üçin bolsa ýurduň gaz ýataklaryndan uzakdaky sebitlerini amatly usulda tebigy gaz bilen üpjün etmäge şert döreýär. Türkmenistan 2022-nji ýylda SWOP şertnamasynyň esasynda umumy bahasy 110,8 million amerikan dollara barabar 858 million kub metr tebigy gazy Azerbaýjana eksport etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň