Turkmenportal logo
21.05.23
2307923079
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen talyplary halkara teatr festiwalyna gatnaşarlar

Türkmenistanly talyplar Özbegistanda geçiriljek «Türki dünýäniň talyplarynyň teatr festiwalyna» gatnaşar. Bu barada özbegistanly režissýor Ikbal Melikuziýewiň sözlerine salgylanyp, Sputnik habar berýär.


Festiwal şu ýylyň 22-26-njy maýy aralygynda Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçiriler. Oňa türkmen talyplary bilen bir hatarda, Özbegistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Azerbaýjandan we Türkiýeden talyplar gatnaşarlar. Şeýle-de Russiýa Federasiýasy, Belarus Respublikasy, Täjigistan we Hytaý ýaly döwletlerden teatr bilermenleri hem festiwalyň myhmany bolarlar.


«Festiwal doganlyk ýurtlardan gelen döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarynyň başarnyklaryna we bilimlerine baha bermek üçin şert döreder. Mundan başga-da, bu medeni çäre özara hyzmatdaşlyk barada köptaraplaýyn pikir alyşmagymyza ýardam eder. Şeýle festiwalyň her ýyl geçirilmegi biziň üçin däbe öwrüler diýip umyt edýärin» diýip, režissýor Ikbal Melikuziýew öz pikirlerini beýan etdi.


Festiwalyň dowamynda teatr sahnalarynyň görkeziler, sazandalaryň bäsleşigi bolup geçer. Mundan başga-da, ussatlyk sapaklarynyň, tegelek stollaryň, kitaplaryň tanyşdyrylyş dabarasynyň, ylmy-amaly maslahatyň hem-de konsertiň geçirilmegi meýilleşdirilýär.