Türkmenistanyň bitaraplyk derejesini almagynda Goşulmazlyk Hereketi halkara guramasyna agza ýurtlaryň orny uludyr.
Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyndaky Strategik barlaglar boýunça Merkeziniň ýolbaşçysy Şiri Şiriýew «Bandungdan Bakuwa çenli: üýtgeýän we çylşyrymly global ýagdaýlarda goşulmazlyk hereketi» simpoziumynyň çäginde aýtdy.
Şeýle hem Şiriýew ýüze çykýan dawaly ýa-da jedelli meseleleri Türkmenistanyň diplomatiýa we dialoglary geçirmek arkaly çözmegiň tarapdarydygyny aýtdy we bu ýörelgäniň Türkmenistanyň daşary syýasatynda uly ähmiýete eýedigini belledi.
Maglumat üçin bellesek, Türkmenistan 50 sany halkara guramanyň agzasy bolup, şolaryň hatarynda Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulmazlyk Hereketi we beýlekiler bar.