Türkmenistan bilen Irlandiýa BMG-de hyzmatdaşlygy güýçlendirmek barada ylalaşdylar

12:0010.05.2023
0
34560

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynda Aksoltan Ataýewa Irlandiýanyň BMG-däki hemişelik wekili Fergal Miten bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynyň resmi web sahypasynda habar berildi.

Diplomatlar BMG-niň çäginde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, parahatçylygy goramak işine gatnaşmagy güýçlendirmek, howanyň üýtgemegine garşy göreş we suw serişdelerini dolandyrmak meseleleri dogrusynda pikir alyşdylar.

Taraplar Türkmenistan bilen Irlandiýanyň bitarap döwletler we Bitaraplygyň dostlary toparynyň agzalary hökmünde BMG-niň meýdançasynda halkara gatnaşyklarda parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmäge aýratyn üns berýändiklerini bellediler.

Belläp geçsek, Irlandiýa özüniň bitaraplygyny Ikinji jahan urşy döwründe yglan etdi.

Bitaraplygyň dostlary topary Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2020-nji ýylda parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine döredildi. Bu topar BMG-ä agza döwletlere sebit we ählumumy derejede hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça oňyn pikir alyşmak üçin mümkinçilik döredýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň