2023-nji ýylyň 4-7-nji maýy aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde Aşihara karate boýunça Ýewraziýa çempionaty geçirildi. Çempionata Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň düzüminde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň II ýyl talyby Nazargylyjowa Dürdäne hem gatnaşyp I orna mynasyp boldy.
