Soňky habarlar

Arhiw

«Napoli» 33 ýyldan soňra ýene çempion boldy

10:0005.05.2023
0
35275
«Napoli» 33 ýyldan soňra ýene çempion boldy
Surat: nnn.ng

«Napoli» wagtyndan öň Italiýanyň çempiony boldy. A seriýanyň 33-nji tapgyrynda myhmançylykda «Udineze» bilen 1:1 hasabynda deň oýnan Neapol şäheriniň kluby utuklarynyň sanyny 80-e ýetirip, ýaryşyň tamamlanmagyna 5 tapgyr galanda çempionlygyny kepillendirdi.

Şeýlelikde, «Napoli» iň ir çempion bolan topar hökmünde turniriň rekordyny täzeledi. Mundan başga-da, Luçano Spaletti hem toparyny A seriýada çempion eden iň ýaşy uly tälimçi hökmünde taryha girdi. «Optanyň» hasaplamalaryna görä, ol 64 ýaş 58 günlük wagtynda tälim berýän topary bilen çempionlyga mynasyp boldy.

Ýeri gelende bellesek, bu «Napoliniň» A seriýadaky üçünji çempionlygydyr. «Napoli» mundan ozal 33 ýyl mundan öň, düzüminde Diýego Maradona oýnaýarka çempion bolupdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň