Arhiw

FIFA-nyň prezidenti Infantino iş sapary bilen Aşgabat şäherine geldi

12:4904.05.2023
1
46410

Ozal habar berşimiz ýaly, Halkara Futbol federasiýasynyň (FIFA) prezidenti Janni Infantino şu gün Türkmenistana iş sapary bilen geldi. Aşgabat Halkara howa menzilinde FIFA-nyň başlygy Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň ýolbaşçylary tarapyndan mähirli garşylandy.

Bir günlük saparyň dowamynda FIFA-nyň başlygy ýurduň ýolbaşçylary we milli futbol federasiýasy bilen bu sportuň Türkmenistanda ösüşi we mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşar.

Infantino Türkmenistana eden saparyndan soň Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlaryna syýahat eder. Onuň 4-5-nji maýda Gyrgyzystana, 5-6-njy maýda bolsa Özbegistana barmagyna garaşylýar.

Infantino 2016-njy ýylyň fewral aýynda adatdan daşary gurultaýda FIFA-nyň prezidenti saýlandy. Ol bu wezipede şweýsariýaly Jozef Blatteriň ornuny tutdy. 2023-nji ýylyň mart aýynda Infantino Kigali (Ruanda) FIFA kongresinde FIFA-nyň prezidenti wezipesine gaýtadan üçünji gezek saýlandy.

2000-nji ýyldan 2016-njy ýyla çenli Infantino Ýewropa Futbol Assosiasiýalarynyň Bileleşiginde (UEFA) işledi. Infantino bu guramadaky işiniň soňky ýedi ýylynda Baş sekretar bolup zähmet çekdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň