Soňky habarlar

Arhiw

MGIMO okuwa girmek üçin Türkmenistanyň raýatlarynyň resminamalary kabul edilip başlandy

10:5704.05.2023
1
56349

Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň (MGIMO) Moskwa döwlet halkara gatnaşyklar institutyna girmek üçin Türkmenistanyň raýatlarynyň resminamalary kabul edilip başlandy. Şunuň bilen baglylykda, Rossotrudniçestwonyň Türkmenistandaky wekilhanasy rus dilindäki bakalawr programmalaryna ýazylyp biljekdigini habar berdi.

Resminamalary bary-ýogy birnäçe ädimde onlaýn ýagdaýda tabşyryp bolýar:

1. Hasaba alynmaly we şu salgy arkaly anketa doldurmaly: https://int.mgimo.ru/auth/register

2. Resminamalary elektron görnüşde şahsy otagyňyza ýükläň.

3. Resminamalaryň kabul ediş topary tarapyndan barlanmagyna we onlaýn ýagdaýda geçiriljek giriş synaglaryna çakylyklara garaşyň.

Resminamalary ýüklemek mümkinçiligi 9-njy iýula çenli açyk bolar.

Käbir resminamalar ýetmeýän bolsa (mysal üçin, entek orta bilim hakyndaky şahadatnama alynmadyk bolsa), resminamalaryň belli bir bölegini ýükläp, galanlaryny soň goşup bilersiňiz.

Ýüze çykyp biläýjek ähli meseleleri we soraglary çözmäge wagt ýeterlik bolary ýaly, eýýäm häzirden hasaba alynmagyňyzy we resminamalary şu wagtdan tabşyrmagyňyzy maslahat berýäris.

Hasaba alyş tamamlanýança orta bilim hakyndaky şahadatnama ýok bolsa-da, mekdepden kepilnama alyp, orta bilim şahadatnamasyny okuwa kabul edilenden soň görkezip hem bilersiňiz.

MGIMO okuwa girmek, onuň fakultetleri we okuw ugurlary barada maglumaty rusbac.mgimo.ru web sahypasyndan tapyp bilersiňiz.

Soraglar ýüze çykan halatynda MGIMO Halkara administrasiýasyna ýüz tutmagyňyzy haýyş edýäris:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň