Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ýokary we orta hünär bilim ojaklarynda kitapsöýüjileriň çäreleri geçirilýär

08:5604.05.2023
0
16349

Türkmenistanyň Bilim, Medeniýet ministrlikleri we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi ýaşlarda kitaba bolan söýgini döretmek babatda çäreleriň meýilnamasyny işläp düzdüler. Şu günler bu meýilnama boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Meýilnama Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaş nesilleriň arasynda ykdysadyýet bilen bir hatarda sazlaşykly ösýän milli medeniýeti we sungaty, şeýle-de ruhy gymmatlyklaryň genji-hazynasy bolan kitaphanalarda alnyp barylýan işler hakynda giňişleýin söhbet etmek, şeýle hem ýaşlarda kitaba bolan söýgini güýçlendirmek, olarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gymmatly eserleriniň üsti bilen watançylyk duýgularyny, milli mirasa sarpany, zähmete söýgini döretmek maksady işlenip taýýarlanyldy.

Meýilnamanyň çägindäki çäreler 2-nji maýda Türkmen döwlet medeniýet institutynda başlady. Bu ýerde Türkmenitanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky kitaphanalar, şeýle hem TSTB agzalary bolan hususy eýeçiligindäki kitap söwdasynyň edýän kärhanalar tarapyndan kitap sergisi we ýarymarkasy geçirildi. Şeýle hem şol gün bu ýerde döredijilik duşuşygy we onuň çäginde gysga bäsleşik guraldy. Oňa Türkmen döwlet medeniýet, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş, Türkmen döwlet maliýe, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutlarynyň talyplary, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky kitaphanalaryň we TSTB-niň agzalary bolan hususy eýeçiligindäki kitap söwdasyny edýän kärhanalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Çäreler şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda dowam eder. Meýilnama boýunça 10-njy maýda Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde, 12-nji maýda Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Aşgabat Gurluşyk orta hünär okuw mekdebinde, 16-njy maýda Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebinde hem şeýle çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň