Turkmenportal logo
03.05.23
5123551235
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Parahatçylygyň ýaş çaparlary»: final 15-nji maýda bolar
Surat: turkmenistan.gov.tm

15-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurduň ýokary synp mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň final oýny geçiriler.


«Türkmenistan: Altyn asyr» internet neşiriniň habar bermegine görä, aýgytlaýjy oýnuň sowallary «Parahatlyk daragty — nesiller dowamaty» atly tema boýunça taýýarlanylar.


Final oýnuna Aşgabat şäherinden, Daşoguz we Mary welaýatlaryndan bolan, saýlama oýunlardan üstünlikli geçen okuwçylar gatnaşarlar.


«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşigine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Türkmenistanyň Milli ýaý atyjylyk federasiýasy, «Türkmenhaly» döwlet birleşigi, «Abadan haly» AGPJ, «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti, «Muhammet Balkan» hojalyk jemgyýeti hem-de «Ýedi Dogan» hususy kärhanasy hemaýatkärlik edýärler.