Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

B.Mätiýew BMG-niň Ulag diplomatiýasyň halkara merkeziniň Ýerine ýetiriji sekretary I.Runow bilen duşuşdy

11:5902.05.2023
0
25318

1-nji maýda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew şu ýylyň 3-4-nji maýynda geçiriljek «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly halkara maslahatyna we sergisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen BMG-niň Ulag diplomatiýasyň halkara merkeziniň Ýerine ýetiriji sekretary Igor Runowy bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, gepleşikleriň dowamynda ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleriniň giň toplumy bilen bagly taraplaryň özara hereketleri boýunça pikir alşyldy. Şeýle-de Türkmenistanyň durnukly we howpsuz ulag meseleleri boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek we pugtalandyrmak, durnukly we ynamly halkara ulag daşamalaryny üpjün etmek meselelerine köptaraplaýyn seretmek başlangyjy bilen çykyş edýändigini, şeýle hem halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde wajyp resminamalary kabul etmeklige işjeň gatnaşýandygyny bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, ulag ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyň meseleleri boýunça Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Ulag diplomatiýasyň halkara merkeziniň goldaw bermeginde 2014, 2015 we 2017-nji ýyllarda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynyň hem-de 2016-njy ýylda Aşgabatda geçirilen BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatynyň ähmiýeti nygtaldy.

Türkmen tarapy 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş ugrunda BMG-niň Gün tertibi bilen baglylykda Halkara merkeziň ulag syýasatynyň we ulag diplomatiýasynyň öňe gitmegine aýratyn üns berilýändigini belledi. 2021-nji ýylda Türkmenistan we Ulag diplomatiýasyň halkara merkezi pandemiýa soňky döwürde durnukly ulag meseleleri boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasynyň taslamasynyň işlenip düzülmegine we tanyşdyrylmagyna işjeň gatnaşdylar. 2022-nji ýylda BMG-niň Nýu-Ýorkdaky merkezi edarasynyň ýanynda «Durnukly ulag boýunça dostlar topary» döredildi we bu merkez ol ýerde tehniki sekretariatyň wezipelerini ýerine ýetirýär.

Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň arasynda taraplar halkara we sebit ulag infrastrukturasynyň hukuk we logistiki binýadyny mundan beýläk hem kämilleşdirilmegini hem bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň «Demirgazyk — Günorta» we «Gündogar — Günbatar» möhüm ulag-logistiki ugurlaryň, hususan-da, «Lapis — Lazuli», «Gazagystan — Eýran — Türkmenistan», «Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman», «Hazar deňzi — Gara deňiz» we beýleki sebitara ulag ýollarynyň ösdürilmegi boýunça goşýan goşandy barada nygtaldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň