1-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda BMG-niň ýanyndaky Ulag diplomatiýasy boýunça halkara merkeziň Ýerine ýetiriji sekretary Igor Runowyň gatnaşmagynda ulag diplomatiýasy boýunça okuw sapagy geçirildi. Bu barada TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň resmi saýtynda habar berilýär.
Okuw sapagynda BMG-niň ýanyndaky Ulag diplomatiýasy boýunça halkara merkeziň Ýerine ýetiriji sekretary Igor Runow «Demirgazyk — Günorta» halkara ulag geçelgesine Merkezi Aziýa ýurtlarynyň mümkinçilikleri» atly tema boýunça çykyş etdi. Çykyşda halkara we sebit derejesinde ulag-logistika ulgamyny ösdürmekde gazanylan netijelere aýratyn üns çekildi. Hususan-da, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklipleri esasynda ulag ulgamynda öňe sürülýän başlangyçlaryň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldawa eýe bolýandygy hakynda bellenilip geçildi.
Okuw sapagynyň ahyrynda BMG-niň ýanyndaky Ulag diplomatiýasy boýunça halkara merkeziň Ýerine ýetiriji sekretary Igor Runow institutdaky Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezleri, okuw studiýasy bilen tanyş boldy we talyplar bilen sorag-jogap alyşdy.