Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli, şeýle-de atçylyk pudagyny ösdürmäge berýän uly ünsi, döredýän giň mümkinçilikleri üçin, şu gün — 29-njy aprelde Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň atçylyk toplumynyň açylyş dabarasynyň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedowa ajaýyp ahalteke atlarynyň birnäçesi sowgat berildi. Bu barada türkmen metbugatynda habar berilýär.
Bellenilişi ýaly, dabaranyň barşynda ony alypbaryjy döwlet Baştutanyndan toplumyň merkezi binasynyň öňündäki meýdança gelmegini haýyş etdi. Ýurduň her welaýatyndan hem-de Aşgabatdan bedewler yzly-yzyna meýdança çykaryldy. Şol bir wagtda, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, ýaşulular we ýaş nesliň wekilleri-de meýdança çykdylar. Goşgy setirleri, tüýs ýürekden hoşallyk sözleri hem-de hoşniýetli arzuwlar aýdyldy. Ajaýyp ahalteke bedewleri meýdança çykarylyp, olar barada maglumatlar berildi hem-de dabaraly ýagdaýda pasportlar gowşuryldy.
Ahal welaýatynyň ilatynyň adyndan Prezident Serdar Berdimuhamedowa Kärizek, Balkan welaýatyndan Bagtyýarlyk, Daşoguz welaýatyndan Aýdyňýol, Lebap welaýatyndan Keramat, Mary welaýatyndan Akhowdan, Aşgabat şäherinden Şöhratly atly bedewler sowgat berildi. Şeýle hem Gaýduwsyz atly bedew harby we hukuk goraýjy edaralaryň adyndan sowgat hökmünde gowşuryldy.
Ýurduň ähli atşynaslarynyň adyndan döwlet Baştutanyna 2020-nji ýylda doglan, Skak diýen meşhur bedewiň nesil ugruna degişli we Galkasen hem-de Bagtygül atly bedewleriň nesli bolan ajaýyp Akganat atly bedew sowgat berildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow dabaralara gatnaşýan welaýatlaryň hormatly ýaşulularyna, behişdi bedewleriň şöhratly taryhynyň mynasyp dowam etdirilmegine uly goşant goşýan ähli atşynaslara tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Döwlet Baştutany, asylly däbe görä, ynsan bilen bedewiň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň başlanýandygynyň we gorag nyşany hökmünde Akganat atly bedewiň boýnuna käbesi Ogulgerek ejäniň ören alajasyny dakdy.