Soňky habarlar

Arhiw

«Sian – Merkezi Aziýa» tiz otlusy işe girizildi

20:1329.04.2023
0
39925
«Sian – Merkezi Aziýa» tiz otlusy işe girizildi
Surat: fmprc.gov.cn

Habar berşimiz ýaly, 26-njy aprelde Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäherinde «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatynyň daşary işler ministrleriniň 4-nji duşuşygy geçirildi. Mejlisiň çäklerinde daşary işler ministrleri Hytaý – Ýewropa demir ýolunyň Çanan ýörite ýük otlusynyň işe başlamagy mynasybetli dabara gatnaşdylar. Bu tiz ýük otlusy Hytaýyň Sian şäherinden Merkezi Aziýa ýurtlaryna gatnaw amala aşyrar. Otlynyň 12 günüň dowamynda Daşkent şäherine gelmegine garaşylýar.

Häzirki döwürde Hytaý – Ýewropa tiz otly ýoly Ýewraziýa yklymynyň üsti bilen amala aşyrylýan söwdalarda möhüm ähmiýete eýedir.

2022-nji ýylyň ahyryna çenli bu tiz otly ýoly boýunça 65 müň gezek gatnaw ýerine ýetirildi we 300 milliard amerikan dollary möçberinde söwda işleri amala aşyryldy. Bu ýol Ýewraziýa ýurtlarynyň 200-den gowrak şäherini birleşdirýär.

Hytaýyň «Bir guşak – bir ýol» taslamasynyň on ýyllygyna bagyşlanan bu dabaranyň dowamynda Sianda öndürilen «260 BYD New Energy» elektrik ulagy hem tanyşdyryldy. Daşary işler ministrleri täze awtoulaglary uly gyzyklanma bilen synagdan geçirdiler. Dabaralara Türkmenistanyň daşary işleri ministriniň orunbasaray W.Hajyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti gatnaşdy. Bu barada Hytaýyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň