Turkmenportal logo
27.04.23
2799027990
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Nikaragua Türkmenistanyň Durnukly ulag ulgamynyň dostlary toparyna goşuldy
Nikaragua Türkmenistanyň Durnukly ulag ulgamynyň dostlary toparyna goşuldy

Nikaragua Respublikasy 2022-nji ýylyň 6-njy iýulynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen Durnukly ulag ulgamynyň dostlary toparyna goşulandygyny habar berdi. Bu Toparyň nobatdaky 3-nji ýygnagynyň 2023-nji ýylyň 10-njy maýynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy tarapyndan sanly ulgam arkaly geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň BMG-däki diplomatik gullugy habar berýär.


2022-nji ýylyň 6-njy iýulynda BMG-a agza döwletleriň 90-dan gowrak wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy Durnukly ulag boýunça dostlar toparyny döretmek we onuň wezipeleri boýunça maslahat geçirdi. Şol wagt bu Topara 11 döwletiň goşulýandygy hasaba alnypdy.


Bu topar, BMG-ä agza döwletleriň resmi däl birleşmesi bolup, durnukly ulag ulgamynyň ähmiýetine düşünmekligi, dünýä, sebit we milli derejede bu ugurdaky pikirleri hem-de öňdebaryjy tejribäni paýlaşmagy maksat edinýär.