Soňky habarlar

Arhiw

«China Southern Airlines» awiakompaniýasy Urumçiden Aşgabada yzygiderli gatnawlaryny gaýtadan ýola goýdy

01:0226.04.2023
0
32438

25-nji aprelden Hytaýyň «China Southern Airlines» awiakompaniýasy Urumçiden (Hytaý) Aşgabat (Türkmenistan) şäherine göni gatnawlaryny gaýtadan ýola goýdy. Urumçiden gaýdan «CZ6015» uçary sişenbe güni agşam Aşgabadyň Halkara howa menziline gondy.

Hytaýyň «China Southern Airlines» awiakompaniýasy koronawirus pandemiýasy sebäpli 2020-nji ýylyň başynda Türkmenistana gatnawlaryny togtatypdy.

Häzirki wagtda petekleriň satuwy elýeterlidir. Başlangyç ýagdaýda uçuşlar hepdede bir gezek — sişenbe güni meýilleşdirilýär. Uçuşlar «Boeing 737-800» uçarlarynda amala aşyrylar.

«CZ6015» uçuşy sişenbe güni Pekin wagty bilen sagat 22:20-de Urumçiden (URC) ugrar we ýerli wagt bilen 23:30 töweregi Aşgabat şäherine (ASB) geler. Yzyna gaýdyş ýerli wagt bilen sagat 01:00-da Aşgabatdan ugrar we Pekin wagty bilen 07:35-de Urumçi şäherine baryp ýeter.

«China Southern Airlines»-iň esasy merkezi Hytaýyň Guançžou şäherinde ýerleşýär.

«China Southern Airlines»-iň uçarlary üçin awiapetekleri www.csair.com internet sahypasyndan we iOS programmalary arkaly satyn alyp bilersiňiz. Awiakompaniýanyň ähli uçuşlary üçin petekler «China Southern Airlines»-iň Aşgabatdaky wekilhanasynda hem elýeterlidir: Magtymguly şaýoly 141/1, «Ak altyn» myhmanhanasy, ofis 206. Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +99312363995.

Häzirki wagtda Türkmenistana uçuşlary bäş sany daşary ýurt howa gatnawçylary amala aşyrýar — «Belavia», «Sibir», «FlyDubai», «Turkish Airlines», «China Southern Airlines».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň