Top.Mail.Ru

Türkmenistanda bitewi energetika halkasynyň gurluşygy dowam edýär

15:2518.04.2023
0
30688
Türkmenistanda bitewi energetika halkasynyň gurluşygy dowam edýär
Surat: eepir.ru

Türkmenistanda bitewi energetika halkasynyň gurluşyk işleri dowam etdirilýär. Taslamanyň esasy bölekleriniň biri bitewi energetika halkasyny döretmäge niýetlenilen Balkan-Daşoguz elektrik geçiriji ulgamy (EGU-500) bolup, bu ýerde Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Türkmenenergogurluşyk» konserniniň «Daşoguzenergogurluşyk» kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan depginli işler alnyp barylýar.

Hünärmenler häzirki wagtda gurluşygyň özlerine bölünip berlen uzynlygy ýüz kilometre barabar bolan böleginde metal sütünlere geçirijileri gurnamak işlerini alyp barýarlar. Şu günki güne çenli sütünleriň iki ýüzden gowragy gurnaldy diýip, «Türkmenistan:Altyn asyr» elektron neşiri tarapyndan habar berilýär.

Balkan-Daşoguz EGU-500-iň gurluşygyna «Daşoguzenergogurluşyk» kärhanasy bilen bir hatarda, ýurduň dürli welaýatlaryndan bolan döwlet we hususy kärhanalar hem gatnaşýarlar.

Mundan başga-da, «Daşoguzenergogurluşyk» kärhanasynyň hünärmenleri Balkan-Daşoguz elektrik geçiriji ulgamynyň taslamasynyň çäklerinde, ýurdumyzyň demirgazygynda Daşoguz şäherinde ýerleşen iri döwlet elektrik bekediniň öndürýän elektrik energiýasyny kabul etmäge we paýlamaga mümkinçilik berjek täze kiçi elektrik bekediň gurluşygyny hem dowam etdirýärler.

Ýeri gelende bellesek, Balkan-Daşoguz elektrik geçiriji ulgamynyň uzynlygy 560 kilometrden gowrakdyr. Geljekde elektrik ulgamynyň 1446 sütünini gurnamak meýilleşdirilýär.

«Çalik Enerji» türk kompaniýasy tarapyndan amala aşyrylýan «Ahal-Balkan-Daşoguz» bitewi energetika halkasyny döretmek baradaky taslama 2020-nji ýylyň iýul aýynda başlandy. 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda taslamanyň birinji tapgyry 421 kilometr uzynlygy bolan Ahal we Balkan sebitleriniň arasynda elektrik geçiriji ulgamynyň birinji tapgyrynyň işe girizilmegi bilen tamamlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň