Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Körpeje» gaz çykaryş müdirligi üç aýda 772 million kub metr gaz çykardy

10:5514.04.2023
0
22175

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Körpeje» gaz çykaryş müdirligi 2023-nji ýylyň geçen üç aýynda hereket edýän guýulardan «mawy ýangyjyň» 772 million kub metrden gowragyny almagy başardy. Şeýlelikde, meýilnama 113 göterime barabar ýerine ýetirildi. Şunda artyk çykarylan «mawy ýangyjyň» möçberi 86 million kubmetrden hem köp boldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Çärýek asyra golaý wagt bäri hereket edýän bu müdirlik günbatar Türkmenistanyň çäklerindäki «Körpeje», «Çekişler», «Altyguýy» ýaly ýataklarda hereket edýän guýulardan «mawy ýangyjy» çykarmak, taýýarlamak we ony sarp edijilere ugratmak işini birkemsiz ýola goýmagy başarýar. Ýeri gelende, körpejeli hünärmenler hasabat döwründe guýulardan alynýan gaz kondensatynyň hasabyna 12 müň 420 tonna nebit tabşyrmak baradaky meýilnamalaryny hem 117 göterim berjaý etmegiň hötdesinden geldiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň