Soňky habarlar

Arhiw

«Hazar — dostluk deňzi» motoýörişi Aşgabadyň we Türkmenbaşynyň üstünden geçer

10:5103.04.2023
0
39012
«Hazar — dostluk deňzi» motoýörişi Aşgabadyň we Türkmenbaşynyň üstünden geçer
Surat: tass.ru

Şenbe güni Russiýa Federasiýasynyň Astrahan sebitinden «Hazar — dostluk deňzi» atly ilkinji 10 günlük motoýörişi badalga aldy. Motosikl ýörişine Astrahan sebitiniň häkimi Igor Babuşkin ýolbaşçylyk etdi.

Häzirki wagtda motoýörişe gatnaşyjylar Gazagystanyň Aktau we Atyrau şäherlerine tarap ugur aldylar. Soňra olaryň ýoly Türkmenistanyň Aşgabat we Türkmenbaşy şäherleriniň üstünden geçer diýip, «TASS» habar berýär.

11-nji aprele çenli motosikl sürüjileriň kerweni Eýranyň Babolser we Reşte şäherlerine, Azerbaýjanyň Astar we Baku şäherlerine we Russiýanyň Kaspiýsk şäherine barar.

Ýaryşa gatnaşyjylar 10 günde motosikl bilen, takmynan, 5 müň kilometr ýol geçerler. Motoýöriş şeýle ugur boýunça ilkinji gezek geçirilýär. Bu çäre Hazar sebitiniň ýurtlary bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmek maksady bilen geçirilýär.

Ozal Wladimir Putiniň Hazar deňziniň töwereginde motosikl ýörişini geçirmek başlangyjyny goldandygyny habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň