Üç ýyldan soň Delä (Hindistan) gelen «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň ilkinji uçary güller we baýramçylyk süýjüligi bilen garşylandy.
Şu gün Delä gelen «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň uçarynyň kapitany we ekipažy hökümet işgärleri we howa menziliniň wekilleri tarapyndan garşy alyndy.
Hindistanyň paýtagtyna «T5537» reýsiniň hepdede bir gezek — ýekşenbe günleri uçuş amala aşyrylmagy meýilleşdirilýär. Uçar Aşgabatdan sagat 03:20-de asmana galyp, Indira Gandi adyndaky halkara howa menziline 07:10-da gonar.
Türkmenistanyň raýatlary üçin Aşgabatdan (ASB) Deli (DEL) şäherine petegiň bahasy 5532 manat 70 teňňe bolar. Petek üçin awiakompaniýanyň resmi web sahypasyndan «Altyn Asyr» töleg ulgamynyň bank karty arkaly töleg edip bilersiňiz.
Pandemiýa sebäpli 2020-nji ýylyň mart aýynda Türkmenistan bilen Hindistanyň arasyndaky yzygiderli gatnawlar togtadylypdy. Şol döwre çenli «Türkmenistan» awiakompaniýasy Delä we Amritsara yzygiderli gatnawlary amala aşyrýardy.