Soňky habarlar

Arhiw

Mejlisiň Başlygy Argentinanyň ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

22:1423.03.2023
0
39902

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa Argentina Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Eduardo Antonio Zuaýndan ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň adyndan ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, iri halkara guramalaryň we düzümleriň ugry boýunça işjeň ösdürilýän dostlukly we geljegi uly döwletara gatnaşyklar ulgamynda oňa uly üstünlikleri arzuw etdi.

Diplomat türkmen topragynda mähirli garşylanylandygy üçin hoşallyk bildirip, Argentina Respublikasynyň Prezidentiniň mähirli salamyny we Türkmenistanyň ýokary derejedäki ýolbaşçylaryna hem-de ähli halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Duşuşygyň barşynda diplomat Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty hem-de parahatçylygyň, durnuklylygyň we ählumumy abadançylygyň esaslaryny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga gönükdirilen möhüm halkara başlangyçlary bilen içgin tanyşdyryldy. Bellenilişi ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan gyzyklanma bildirýän hyzmatdaş ýurtlaryň ählisi, şol sanda Latyn Amerikasynyň döwletleri bilen özara ynanyşmak ýagdaýyndaky gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýär.

Şeýle hem ilçä Türkmenistanda täze taryhy döwürde giň gerimli özgertmeleriň ilerledilişi barada gürrüň berildi.

Uzak möhletleýinlik, özara bähbitlilik esasynda guralýan türkmen-argentin hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlary boýunça düýpli pikir alyşmalaryň çäklerinde taraplar ençeme ugurlarda hyzmatdaşlygyň okgunly ösmegini üpjün edýän özara gyzyklanmalaryň bardygyny tassykladylar. Kanun çykaryjy ulgamda parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi bilen bagly mesele hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýurtlaryň ikisi-de bu gatnaşyklary ösdürmäge we kämilleşdirmäge aýratyn üns berýärler.

Duşuşygyň ahyrynda Argentina Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi durmuş-ykdysady ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryny hem-de iki döwletiň we olaryň dostlukly halklarynyň milli bähbitlerini nazara almak arkaly guralýan köptaraply gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň