Turkmenportal logo
22.03.23
4586845868
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Owganystanda güýçli ýer titredi
Owganystanda güýçli ýer titrediSurat: fishki.net

Düýn Owganystanda güýji 6,5 bala deň bolan güýçli ýertitreme boldy diýip, Ýewropa-ortaýer seýsmiki merkeziň saýtyna salgylanýan «Belta.by» ýazýar.


Ýer yranmasynyň merkezi ýurduň Gunduz şäherinden gündogarda 195 kilometrlikde hasaba alyndy, onuň ojagy 194 kilometr çuňlukda ýerleşdi.


«Reuters» habarlar gullugynyň maglumatlaryna görä, ýerasty sarsgynlar Pakistanda, Hindistanda, Täjigistanda, Gazagystanda we Özbegistanda duýuldy.


Pakistanyň demirgazyk-günbataryndaky Haýber-Pahtunhwa ülkesinde hasaba alnan ýer yranmasynda iki adamyň, ýene iki adamyň Owganystanyň gündogaryndaky Lagman ülkesinde pida bolandygyny «MIR 24» habar berýär.