Soňky habarlar

Arhiw

«ECA Serel» dükany Türkiýede öndürilen ýokary hilli santehnikalaryň dürli görnüşlerini hödürleýär

11:2115.03.2023
0
34701

«ECA Serel» santehnikalarynyň Türkmenistandaky resmi wekili hammam otaglarynda, aşhanalarda we duşlarda gurnamak üçin santehnika önümleriniň we esbaplarynyň dürli görnüşlerini hödürleýär.

Dükanyň tekjelerinde, şeýle-de onuň sosial ulgamlardaky sahypasynda hammam we aşhana üçin ähli zerurlyklary tapyp bilersiňiz: rakowinalar, garyjy serişdeler, duş kabinalary, unitazlar, akril, çoýun we polat wannalar, aşhana üçin gap-gaç ýuwulýan gurluşlar we garyjy serişdeler, hammam otagy üçin mebeller, gaz we elektrik suw gyzdyryjylar, radiatorlar we beýlekiler.

«ECA Serel» haryt nyşanly önümler ygtybarlylygy, berkligi we özüne çekiji dizaýny bilen tapawutlanýarlar. Tejribeli satyjy-maslahatçylar öýüň gurluşyny we ulanyş maksatlaryny göz öňünde tutup, öý üçin santehnikanyň ähli görnüşlerini saýlap almakda dogry çözgüdi kabul etmäge ýardam bererler.

«ECA Serel» santehnika dükanynyň ýerleşýän salgysy: Aşgabat, G.Kuliýew (köne Obýezdnoý) köç., 14, «Altyn» binasy, 3-nji gat.

Habarlaşmak üçin telefonlar: (+993 64) 06 82 22, (+993 63) 05 09 13.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň