Eýranyň ýol we şäher gurluşygy ministri Mehrdada Bazrpaş iş sapary bilen Türkmenistana geler. Bu barada Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň on ýedinji utgaşdyryjy mejlisinde mälim edildi diýip, Eýranyň «Mehr» habarlar gullugy habar berdi.
Belläp geçsek, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň on ýedinji utgaşdyryjy mejlisinde türkmen-eýran gatnaşyklarynyň ýagdaýy we iki ýurduň arasyndaky öňki şertnamalaryň gidişi barada maglumat berildi. Duşuşykda Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda dört serhet geçelgesiniň üsti bilen ikitaraplaýyn söwdanyň geljegine, serhet gatnawyny ýeňilleşdirmegiň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.
Mejlisiň Gün tertibinde beýleki meseleler bilen birlikde üstaşyr geçiş, nyrhlar, «Ýaşyl geçelgeler», demir ýol, gara ýol, deňiz we howa gatnawy ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşykda mälim edilen görkezijilere laýyklykda, Türkmenistanyň Eýrandan importynyň bahasy 321 million dollara hem-de möçberi 741 müň tonna, Türkmenistanyň Eýrana eksporty bolsa (243 million dollar)122 müň tonna boldy.