Soňky habarlar

Arhiw

Russiýanyň iki sebiti Türkmenistana galla eksport etdi

15:1404.03.2023
0
86848
Russiýanyň iki sebiti Türkmenistana galla eksport etdi
Surat: fsvps.gov.ru

Russiýa Federasiýasynyň Orýol hem-de Kursk sebitleri Türkmenistana galla eksport etdi. Bu barada «Rosselhoznadzor»-yň resmi web sahypasynda habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, galla we gaýtadan işlenilen galladan alnan önümler Latwiýa, Belarusa, Eýrana, Hytaýa, Polşa, Belgiýa, Türkiýä, Moldowa, Gazagystana, Gyrgyzystana, Türkmenistana, Özbegistana eksport edildi. Iberilen oba hojalyk ekinleriniň sanawynda bugdaý, mekgejöwen, zygyr, raps, arpa, süle, günebakar, soýa noýbasy bar.

2023-nji ýylyň başyndan bäri «Rosselhoznadzor»-yň Orýol we Kursk sebitleri boýunça edarasynyň işgärleri 136,1 müň tonna gallanyň we ondan alynýan önümleriň eksportyna, şol sanda Orýol sebitinden 48,6 müň tonna, Kursk sebitinden - 87,5 müň tonna eksporta gözegçilik etdi. Munuň özi, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 57% köpdür.

Bu eksport tapgyry üçin 2790 sany fitosanitar şahadatnamasynyň berlendigi habar berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň