Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny we Bitaraplygyny berkitmekde, daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmekde, ýurduň syýasy, medeni-ynsanperwer we beýleki gatnaşyklaryny ösdürmekde, Türkmenistanyň döwlet bähbitlerini goramakda, ýaş hünärmenleri taýýarlamakda gazanan uly üstünliklerini hem-de diplomatik gullugy ulgamynda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we göreldeli zähmetlerini nazara alyp, şeýle-de Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli, Prezident Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, resminama laýyklykda, Türkmenistanyň şu raýatlary «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglandy:
- Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky (Nýu-Ýork şäheri, ABŞ) hemişelik wekili Aksoltan Toraýewna Ataýewa;
- Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Täjiýewna Rustemowa;
- Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky (Waşington şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Meret Baýramowiç Orazow;
- Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky (Berlin şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Berdimurad Rejepow;
- Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň müdiri, uly mugallym Amangeldi Rahmanow;
- Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň dosenti Çary Geldiýewiç Nyýazow.