Soňky habarlar

Arhiw

Kerki ― Daşoguz ― Kerki uçar gatnawy dikeldildi

22:5902.02.2023
0
59832

1-nji fewraldan başlap, «Türkmenistan» awiakompaniýasy tarapyndan içerki uçar gatnawlaryna käbir üýtgeşmeler girizildi. Olaryň arasynda Kerki ― Daşoguz ― Kerki uçar gatnawynyň dikeldilendigi aýratyn bellärliklidir diýlip, «Türkmen gündogary» gazetinde habar berilýär.

Şu hepdäniň şenbe güni Kerki ― Daşoguz ― Kerki ugry boýunça ilkinji uçuş amala aşyrylar. Bu ugur boýunça uçuş her hepdäniň şenbe gününe meýilleşdirilýär. «BOEING 737-800» kysymly uçar sagat 11:50-de Kerki şäherinden Daşoguza uçar. Uçuş 1 sagat 10 minut dowam eder. Uçar Kerki şäherine 14:00-da gaýdar.

Ýeri gelende aýtsak, 2021-nji ýylda açylyp, ulanylmaga berlen Kerki Halkara howa menzilinden diňe Aşgabat ýa-da Daşoguz şäherlerine däl, möwsümleýin görnüşde Türkmenbaşy şäherine hem gatnawlar ýola goýulýar. Deňiz ýakasyndaky şähere goýulýan uçar gatnawy «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyş möwsüminiň açylmagy bilen baglydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň