Top.Mail.Ru

Arhiw

Türkmenistanda garyşyk mineral dökünleri öndürýän desga gurlar

22:3026.01.2023
0
29484

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy hem-de bu ýerde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek we senagatlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işlerde möhüm orun eýeleýän himiýa pudagyny ösdürmek babatda görülýän çäreler barada hasabat berdi. Häzirki wagtda ýurtda innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly täze kärhanalar yzygiderli ulanmaga berilýär, täze iş orunlary döredilýär. Bellenilişi ýaly, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, garyşyk mineral dökünleri öndürýän desgany gurmak meýilleşdirilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurduň himiýa senagatyny hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça geçirilýän çäreleriň möhümdigini nygtady hem-de wise-premýere pudagyň hereket edýän kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagyny, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we uly islegden peýdalanýan önümleri öndürmäge ýöriteleşdirilen täze kärhanalaryň gurluşygyny göz öňünde tutýan bu ugurdaky toplumlaýyn işlere gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň