Turkmenportal logo
23.01.23
2564725647
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Alymlar pyýada ýöremegiň peýdasy barada aýtdylar
Surat: championat.com

ABŞ-nyň Kolumbiýa uniwersitetiniň alymlary özüňi duýşy gowulandyrmakda pyýada ýöremegiň peýdasyny anykladylar diýip, «ScienceDaily» neşirine salgylanýan «MIR 24» ýazýar.


Alymlaryň geçiren barlaglarynyň netijeleri hatda yzygiderli sport bilen meşgullanylýan halatynda hem hereketsiz durmuş obrazynyň saglyga zyýanlydygyny anykladylar. Şol bir wagtda özüňi duýşuňy gowulandyrmak üçin iş gününiň dowamynda her bir ýarym sagatdan bäş minutlyk gezelenjiň peýdasy uludyr. Işjeňligiň bu görnüşi gan basyşyny we ganda süýjüligiň derejesini peseltmäge ýardam edýär, şeýle-de keýpiňi gowulandyryp, ýadawlygy ýeňmekde bähbitlidir.


Gan basyşy peseltmekde her 30 minutdan bir minutlyk pyýada ýöremek kömek edip biler.