Soňky habarlar

Arhiw

Mişustin Türkmen-rus işewürler forumyna gatnaşmak üçin Aşgabada geldi

16:5319.01.2023
0
57958
Mişustin Türkmen-rus işewürler forumyna gatnaşmak üçin Aşgabada geldi
Surat: goverment.ru

Şu gün Russiýa Federasiýasynyň Premýer-ministri Mihail Mişustiniň ýolbaşçylygyndaky rus wekiliýeti Türkmen-rus işewürler maslahatyna gatnaşmak üçin Aşgabada geldi. Bu barada TASS habarlar gullugy habar berýär.

Bellenilişi ýaly, Russiýa Federasiýasynyň Hökümet başlygynyň iş meýilnamasyna laýyklykda, ol ilki bilen Aşgabatdaky A.S.Puşkin adyndaky umumybilim berýän türkmen-rus orta mekdebine baryp görer.

M.Mişustin Aşgabada saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşar. Ikitaraplaýyn gepleşikleriň barşynda taraplar türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar. Şunda söwda, ykdysady, ulag, senagat, energetika, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berler.

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Aşgabat şäherinde Türkmen-rus işewürler forumy geçirilýär. Russiýanyň Hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet formyň işine gatnaşyp, ikitaraplaýyn söwda-senagat hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşarlar. Habar berlişi ýaly, forumyň açylyş dabarasynyň dowamynda dowamynda wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow we Russiýanyň Hökümet başlygy M.Mişustin çykyş eder.

Iki gün dowam etjek forumyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklary we dürli görnüşdäki gepleşikleriň geçirilmegine garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň