Turkmenportal logo
23.12.22
4320443204
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Içeri işler ministrligi baýramçylyk günlerinde ýangyn howpsuzlygy düzgünlerini berjaý etmegi ýatladýar
Içeri işler ministrligi baýramçylyk günlerinde ýangyn howpsuzlygy düzgünlerini berjaý etmegi ýatladýar

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýangyn howpsuzlygy gullugy «Altyn Asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müşderilerine sms habarnamasyny iberip, baýramçylyk günlerinde ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmegi ýatlatdy.


Sms habarnamasynda şeýle diýilýär:


«Hormatly watandaşlar!


Täze ýyl arçasyny bezäniňizde ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini dürs berjaý edip, olaryň golaýynda feýerwerkleri we bengal otlaryny ýakmagyň, şeýle hem kiçi ýaşly çagalary öýde ýeke galdyrmagyň howpludygyny ýatladýarys».