Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky «Berkarar» kinoteatrynyň kassalarynda Rus kinosynyň günleri üçin mugt petekler peýda boldy

13:2823.12.2022
0
46597

Aşgabatda 26-31-nji dekabr aralygynda döwrebap rus filmleriniň mugt görkezilişi geçiriler. «Russian Film Festival-yň» çäklerinde «Berkarar» kinoteatrynda tomaşaçylar alty sany meşhur filmlere tomaşa edip bilerler.

Uly ekranda «At Ýuliý we uly at çapyşyk» hem-de «Üç pälwanlar we tagtdaky At» animasion filmleriniň, «Palma» atly maşgala üçin başdangeçirmeler filminiň, bolup geçen waka esasynda döredilen «Ýalňyz» atly drama trilleriniň, «Küýki taýçanak» atly erteki-filminiň, şeýle hem meşhur türgen, lyžaçy Ýelena Wýalba hakyndaky «Ak gar» atly biografik sport dramasynyň görkezilişi bolar.

Türkmenistandaky Rus kinosynyň günleriniň Russiýanyň Medeniýet ministrliginiň we RF-niň Türkmenistandaky ilçihanasynyň hemaýat bermeginde, «ROSKINO» tarapyndan guralýandygyny bellemek gerek.

Rus kinosynyň festiwalynyň peteklerini «Berkarar» kinoteatrynyň kassalaryndan mugt alyp bilersiňiz. Kinoteatryň salgysy: Atatürk köç., 80-nji jaý, «Berkarar» SDAM, 3-nji gat.

Görkezişleriň tertibi:

26-njy dekabr

  • 18:30 «Palma»
  • 20:45 «Ak gar»

27-nji dekabr

  • 12:00 «At Ýuliý we uly at çapyşyk»
  • 18:30 «Küýki taýçanak»

28-nji dekabr

  • 12:00 «Üç pälwanlar we tagtdaky At»
  • 15:00 «Ak gar»
  • 18:30 «Palma»

29-njy dekabr

  • 12:00 «Küýki taýçanak»
  • 18:30 «Ak gar»

30-njy dekabr

  • 12:00 «At Ýuliý we uly at çapyşyk»
  • 18:30 «Ýalňyz»
  • 20:30 «Ak gar»

31-nji dekabr

  • 12:00 «Üç pälwanlar we tagtdaky At»

«Russian Film Festival» – bu Russiýanyň Medeniýet ministrliginiň hemaýat bermeginde, «ROSKINO» tarapyndan 2020-nji ýyldan bäri guralýan Rus kinosynyň daşary ýurtlardaky günleridir.

RFF-niň esasy maksady – daşary ýurtly tomaşaçylary dürli žanrly çeper filmlerinden we köp bölümli filmlerden başlap, animasiýalara we dokumental filmlere çenli köpöwüşgünli döwrebap rus filmleri bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr. 2020-2022-nji ýyllarda festiwal 29 ýurtda geçirildi we 6,5 million tomaşaçy toplady. «Russian Film Festival-yň» formaty onlaýn görkezişleri hem, oflaýn çäreleri hem öz içine alýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň