Turkmenportal logo
13.12.22
1942519425
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Dünýäniň hökümetleriniň habar beriş tehnologiýalara çykdajylary artar
Surat: roforientator.ru

Dünýäniň hökümetleriniň habar beriş tehnologiýalaryna çykdajylary öňdäki 2023-nji ýylda 6,8 göterim ýokarlanar we 589 milliard dollara deň bolar. Bu barada «Gartner Inc.» seljermeler kompaniýasynyň çaklamasynda bellenýär diýip, «Interfax.ru» ýazýar.


«Hökümet edaralary könelen habar beriş tehnologiýalaryny täzelemegi dowam edýärler hem-de sanly hyzmatlaryň elýeterliligini ýokarlandyrýan başlangyçlara maýa goýýarlar. Sebäbi ilat döwlet we hususy pudakda hyzmatyň ösen derejesinden peýdalanmak isleýär» diýip, kompaniýanyň baş seljerijisi Deniel Snaýder aýdýar.


Çykdajylar, hususan-da, enjamlar babatda artar diýlip garaşylýar, sebäbi ulanyjylar henizem koronawirus ýokanjy döwründen öň satyn alnan enjamlardan peýdalanýarlar.


Çykdajylaryň has uly bölegi programma üpjünçiligi segmentinde 12,5 göterim artar, IT-hyzmatlar üçin çykdajylar 7,9 göterime çenli ýokarlanyp biler diýlip, çaklamada bellenýär.