Soňky habarlar

Arhiw

Rejepbaý Rejepow agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda kümüş medal gazandy

15:4112.12.2022
0
43145

Türkmenistanly Rejepbaý Rejepow Bogotada (Kolumbiýa) geçirilýän agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda 81 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, kümüş medala mynasyp boldy.

Rejepbaý Rejepow ýekşenbe güni iki görnüşiň jemi boýunça 366 kg agramy götermegiň hötdesinden geldi (silterläp götermekde 164, itekläp götermekde 202). Bu agramda altyn medaly hytaýly Li Dain (372, 171 + 201) gazandy. Bürünç medala koreýaly Kim Wu Çže (357, 162 + 195) mynasyp boldy.

Bu gazanylan medal türkmen türgenleriniň ýaryşdaky ilkinji üstünligidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň