Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlary duşuşdylar

08:0312.12.2022
0
21107
Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlary duşuşdylar
Surat: mfa.uz

BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň guramagynda 11-nji dekabrda Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesindäki her ýylda geçirilýän duşuşyk boldy.

Duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlary, BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German, BMG-niň Baş sekretarynyň Owganystan boýunça ýörite wekiliniň, BMG-niň Owganystana goldaw bermek boýunça missiýasynyň orunbasary Markus Potsel dagy gatnaşdy.

«Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, netijeli geçen duşuşygyň dowamynda Merkezi Aziýa döwletleri bilen BMG-niň Aşgabatdaky Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň arasyndaky sebitara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň we giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň we BMG-niň Owganystana goldaw bermek boýunça missiýasynyň işjeň gatnaşmagynda taraplaryň arasyndaky özara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine möhüm üns berildi.

Duşuşygyň dowamynda ählumumy ýagdaýyň çäklerinde sebitde bar bolan meselelere seljerme berildi, şeýle hem häzirki zamanyň howplaryna, wehimlerine, terrorçylyga, zor salmalara, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna bilelikde garşy durmak boýunça Merkezi Aziýanyň döwletleriniň tagallalaryny utgaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Sebitiň ýurtlarynyň bilelikde alyp barýan işleriniň möhümdigi, halkara hukuk kadalary esasynda sebitleýin meseleleri çözmekde anyk netijeleriň gazanylmagyny şertlendirýän oňaýly mümkinçilikleriň döredilmeginiň ähmiýetli boljakdygy bellenildi. Hususan-da, adatdan daşary ýagdaýlar döwründe ygtybarly halkara ulag gatnawlaryny ýola goýmak, ekologiýa, energetika we suw howpsuzlygyny üpjün etmegiň, umumy tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmagyň we kiberhowpsuzlyk boýunça özara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň zerurdygy bellenildi.

Türkmen tarapynyň BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň başlangyjy boýunça Ýaşlar üçin öňüni alyş diplomatiýasy akademiýasy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlar dialogy ýaly işewür düzümleri ilerletmek meselelerine jogapkärçilikli çemeleşýändigi nygtaldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň