Marynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň artistleri Lebap welaýatynda döredijilik saparynda boldular. Bu barada «Jeyhun.news» habar berýär.
Olar Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda, Türkmenabat şäher medeniýet öýünde «Mülk» atly spektakl bilen tomaşaçylaryň öňünde çykyş etdiler. Režissýor Ata Gullarowyň sahnalaşdyran bu spektaklynda türkmen halkynyň gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýan asylly däp-dessurlary, maşgala mukaddeslikleri, hoşgylawlylyk, rehimdarlyk, dost-doganlyk ýörelgeleri çeper şöhlelendirilýär.
Spektaklda baş keşpleri Türkmenistanyň halk artisti Kakageldi Garajaýew, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Nurbibi Nazarowa, Muhammettirkiş Rüstemow we beýleki artistler ussatlyk bilen ýerine ýetirýärler.