Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda ykdysadyýet ugry boýunça onlaýn olimpiada geçirildi

19:3407.12.2022
0
21150

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň gurnamagynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda ykdysadyýet ugry boýunça onlaýn olimpiada geçirildi.

Bu bäsleşigiň esasy maksady talyp ýaşlaryň ykdysadyýet boýunça bilimlerini ýokarlandyrmakdan ybarat bolup, oňa Türkmenistanyň 16 sany ýokary okuw mekdebinden ykdysadyýet ugrundan hünär alýan talyplarynyň jemi 64-si gatnaşdy.

Onlaýn olimpiadanyň birinji ornuna Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyň talyplary Guwançmyrat Arazklyçew we Meňli Begenjowa, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary Şirin Karaýewa, Rozmyrat Rahmanow we Humaý Gurbannazarowa, Türkmen döwlet maliýe institutyň talyplary Ogulmaýsa Amandurdyýewa, Ismail Jumanyýazow, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby Berdimyrat Berdiýew, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Derýa Karataýew mynasyp boldular. Şeýle-de Türkmen Döwlet energetika institutynyň, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň, S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplarynyň birnäçesi onlaýn olimpiadanyň II we III orunlaryny eýelemegi başardylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň