DÇ-2022: Çärýek finalda Argentina Niderlandlar bilen oýnar

12:3304.12.2022
0
31373

DÇ-2022-niň ¼ finalynyň ilkinji jübütligi belli boldy. 3-nji dekabrda geçirilen oýunlaryň netijelerine laýyklykda, çärýek finalda Argentinanyň milli ýygyndysy Niderlandlar bilen güýç synanyşar. Duşuşyk 9-njy dekabrda Lusail şäherindäki «Lusail Aýkonik» stadionynda geçiriler.

1/8 finalda Niderlandlar ABŞ-ny 3:1, Argentina bolsa Awstraliýany 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

DÇ-2022-niň final oýny 18-nji dekabrda Lusail şäherindäki «Lusail Aýkonik» stadionynda bolup geçer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň