Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabat we Duşanbe medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlygy güýçlendirer

15:1430.11.2022
0
17361
Aşgabat we Duşanbe medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlygy güýçlendirer
Surat: avesta.tj

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde Täjigistanyň medeniýet ministri Zulfiýa Dawlatzoda bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mährijemal Mämmedowanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Täjigistanyň Medeniýet ministrliginiň metbugat merkeziniň habaryna görä, taraplar duşuşygyň dowamynda medeniýet we sungat ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmek hem-de bar bolan mümkinçilikler esasynda bu ugurdaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ugurdaş ýokary we ýörite orta okuw mekdeplerinde okaýan talyplar üçin ussatlyk sapaklaryny geçirmegiň, döredijilik toparlarynyň gezelençlerini, şeýle hem bilelikdäki dürli medeni çäreleri guramagyň Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasynda medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin amatly esas bolup biljekdigi bellenildi.

Duşuşykda Mirzo Tursunzade adyndaky Täjigistan Döwlet medeniýet we sungat instituty bilen Türkmen döwlet medeniýet institutynyň, Täjigistanyň Döwlet şekillendiriş sungaty we dizaýn instituty bilen Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmek meseleler boýunça pikir alşyldy.

Ikitaraplaýyn duşuşygyň dowamynda golaýda Aşgabat şäherinde we Mary şäherinde geçirilen Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň ähmiýetine we onuň guramaçylyk derejesine ýokary baha berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň